Maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk: Gazagystan türkmen telekeçilerini iş saparyna çagyrýar


11.10.2024

“Astana” diplomatik kluby 2024-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan 1-nji noýabryna çenli aralykda türkmen telekeçileri üçin Gazagystana giň göwrümli biznes-missiýasyny guraýar. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir we gatnaşyjylara Gazagystanyň esasy ykdysady merkezleri bolan Almaty şäherine, Almaty oblastyna, Žetysu oblastyna we paýtagt Astana şäherine baryp görmäge mümkinçilik döreder.

Biznes-missiýanyň programmasy baý mazmunly bolmak bilen şulary öz içine alýar:

- Gazagystanda maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak;

- Gazak telekeçileri bilen B2B ýygnaklaryny guramak;

- özara peýdaly şertnamalary baglaşmak mümkinçiligi.

Şeýle hem, gatnaşyjylar işewürlik meselelerine garaýan döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşmaga, öňdebaryjy senagat desgalaryna baryp görmäge we Gazagystanyň premýer-ministriniň we halkara inwestorlaryň gatnaşmagynda halkara maýa goýum forumyna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Guramaçylar bu inisiatiwanyň türkmen telekeçilerine Gazagystanyň bazarynda bolmaklaryny giňeltmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýändigini nygtaýarlar.

Gyzyklanma bildirýän telekeçilere goşmaça maglumat almak we hasaba alynmak üçin (+993 62) 60 68 85 telefon belgisine jaň etmek arkaly, Aşgabatdaky “Zemin syýahat” Hojalyk jemgyýetine ýüz tutmaklygy maslahat berilýär.

Ýer sany çäklidir!

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn