Aşgabatda türkmen we mongol sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy


14.10.2024

12-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi. Bu çäre Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň döwlet saparynyň çäklerinde guraldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, dostluk konserti iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagy üçin ýollary açmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolan bu döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly döwletiň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

Çäräniň açylyş dabarasyna ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurduň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Aşgabatda bilelikdäki konsertiň geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge, birek-biregiň taryhyna, ruhy mirasyna halklaryň gyzyklanmalaryny artdyrmaga ýardam eder. Dabara gatnaşyjylar parahatçylyk söýüjilik, özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandygy, döwletara medeni gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň sungat ussatlarynyň konsert maksatnamasyna aýdymlar, folklor-tans çykyşlary girizildi. Sahnadaky ýokary ruhy joşgun sungatyň çäginiň ýokdugyny ýene-de bir gezek tassyklady. Çykyşlardan ruhy lezzet alan tomaşaçylaryň umumy pikirine görä, şeýle çäreler halklaryň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen, milli mirasa we häzirki zaman sungatynyň gazananlaryna özara gyzyklanmalaryň artmagyna goşmaça itergi berýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn