15.10.2024
14-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.
Häzirki wagtda parlament hyzmatdaşlygynyň ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy alyp barmagyň, netijeli halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, has-da ösdürilýär. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler bilen bir hatarda, parlamentara dialog hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, özara gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda parlamentara dostluk toparlaryna uly orun degişlidir. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.
Günüň ikinji ýarymynda duşuşyk «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümçelerde dowam etdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýany öňe sürdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 86 döwlet bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin milli, şeýle hem halkara derejede iş alyp barmagy maksat edinýändigini tassyklady.
Duşuşyga gatnaşyjylar eýýäm netijeliligini görkezen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň möhümdigini aýdyp, bilelikdäki meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alty ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny bellediler. Şeýle-de duşuşykda durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda milli tejribeleri alyşmak, parlament we kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň we ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň yzygiderli dialog hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek babatda netijeli meýdança boljakdygy nygtaldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň netijeleri teklipler esasynda kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy.
* * *
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikinji türkmen-koreý geňeşme maslahaty geçirildi.
Bellenilişi ýaly, yzygiderli geçirilýän duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şunda 2023-nji ýylyň sentýabrynda Seul şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşandygy aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Başlygy Ý.Koşanow, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy M.Zokirzoda, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy N.Ismoilow bilen duşuşdy. Şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy.
15.10.2024
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy duşuşyk geçirildi
15.10.2024
Türkmenabatda Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi
15.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy
15.10.2024
Daşary işler ministrligindäki brifing
15.10.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 142 müň dollaryna golaý boldy
15.10.2024
Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
15.10.2024
Türkmenistan we Mongoliýa halkara awtomobil we howa gatnawlaryny gowulandyrmak barada Ylalaşyklara gol çekdiler
14.10.2024
Magtymgulynyň goşgularynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
14.10.2024
Aşgabatda türkmen we mongol sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy
14.10.2024
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
13.10.2024
Türkmenistanda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
12.10.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
12.10.2024
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
12.10.2024
«Türkmenpoçta» bütin ýurduň çägine ekspress ýollamalar hyzmatyny ýola goýdy
12.10.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
12.10.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
12.10.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
12.10.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
12.10.2024
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň JEMLEÝJI RESMINAMASY
12.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
12.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.10.2024
Paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy başlandy
11.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyndaky çykyşy
11.10.2024
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi
11.10.2024
Bäş sany nemes hünärmeni Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy
11.10.2024
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.10.2024
Maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk: Gazagystan türkmen telekeçilerini iş saparyna çagyrýar
11.10.2024
Wladimir Putin Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän halkara forumda çykyş etdi
11.10.2024
Gurbanguly Berdimuhamedow we Waagn Haçaturýan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny berkitmegi maslahatlaşdylar
11.10.2024
Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy
11.10.2024
Aşgabadyň 1970-nji köçesine professor Hans Maýsneriň ady dakyldy
10.10.2024
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
10.10.2024
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi
10.10.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
10.10.2024
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
10.10.2024
Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi
10.10.2024
Paýtagtymyzda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy
09.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
09.10.2024
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
09.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar
09.10.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
08.10.2024
17–18-nji oktýabrda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler
08.10.2024
ÝUNESKO tarapyndan Arkadag şäherine täze halkara güwänama berler
08.10.2024
Türkmenistan Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşar
08.10.2024
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy
07.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
07.10.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
07.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
05.10.2024
Türkmenistanda howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň göwrümi 48,3% ýokarlandy