Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy


16.10.2024

15-nji oktýabrda Yslamabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Taraplar Türkmenistan-Pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselesine göz aýladylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň hem gatnaşýan iri we uzak möhletli halkara ykdysady taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki çäreleri güýçlendirmegi zerurlygyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işleriň gutarnykly ähmiýeti nygtaldy. Ulag we logistika pudagynda bilelikdäki işleriň ähmiýeti hem bellendi, häzirki wagtda türkmen tarapy Pakistanyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, şolaryň arasynda Milli Logistika Korporasiýasy (NLC) aýratyn orny eýeleýär.

Mundan başga-da, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň beýleki meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Pakistanda saparda bolýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn