Daşkentde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan ylmy simpozium geçirildi


16.10.2024

15-nji oktýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa halkara institutynda Gündogaryň beýik akyldary we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň edebi we syýasy-filosofiki mirasy» atly ylmy simpozium geçirildi. BU barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Çäre Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy we Merkezi Aziýa halkara instituty tarapyndan guraldy.

Ylmy simpoziuma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň ýolbaşçylary, Özbegistan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik-syýasy we ylmy guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, talyplar, türkmen diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler görnükli şahyryň edebi mirasynyň medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle-de Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatynyň arasyndaky arabaglanyşyga seljerme berdiler we şahyryň eserleriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini açyp görkezdiler.

Ylmy simpoziumyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakyndaky» karary esasynda Özbegistanda edebi agşamlaryň, bäsleşikleriň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilýändigi, şeýle-de teatrlarda spektakllaryň sahnalaşdyrylýandygy, türkmen we özbek režissýorlarynyň beýik şahyryň ömri we döredijiligi barada bilelikdäki çeper filmi surata düşürendigi aýratyn bellenildi. Daşkent we Hywa şäherlerinde şahyryň ýadygärlikleri bina edildi.

Şeýle-de çärä gatnaşyjylar dostlugyň we türkmen halkyna aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň özbek diline terjime edilen kitabynyň sowgat berilmegine aýratyn ünsi çekdiler.

Ylmy simpoziumyň çäklerinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergi hem guraldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn