Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde «Durnukly jemgyýetler we ykdysadyýetler üçin ugleroddan arassa we durnukly ulag» atly ministrler duşuşygy geçirildi.


16.10.2024

2024-nji ýylyň 15-18-nji oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara ýol federasiýasynyň bütindünýä kongresine hem-de «Durnukly jemgyýetler we ykdysadyýetler üçin ugleroddan arassa we durnukly ulag» atly ministrler derejesindäki duşuşygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Şeýle hem, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu arasynda iki taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurdyň arasynda ulag babatynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, gelejekdäki mümkinçilikleri artdyrmak bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn