Çapar Pay goşundysynda USSD-haýyşlaryny we gysga “Altyn Asyr” belgilerini ugradyp bolýar


17.10.2024

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly gollanmasynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar.

Şeýlelikde, Google Play-da we App Store-da elýeterli bolan Çapar Pay goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar häzirki balansy barada maglumat alyp bilýärler, şeýle hem, oparatora jaň edip, gudoga derek saz goýup, gerekli dili saýlap bilýärler.

Şeýle-de bu programma ulanyja amatly tarif meýilnamasyna birikmäge, dürli göwrümli internet-bukjalaryny almaga mümkinçilik berýär.

Çapar Pay goşundysynyň başga mümkinçilikleriniň arasynda – jemagat hojalyk hyzmatlarynyň hasaplaşyklary, howa petekleriniň satyn alynmagy, gowy görýän hyzmatlara ýazylyşyklaryň dowam etdirilmegi we ykjam telefonuň balansynyň köpeldilmegi. Programmanyň kömegi bilen bank kartasy arkaly Belet film ýazylyşygynyň tölegini, çagalar bagynyň tölegini amala aşyrmak we Türkmenistanyň ähli edaralarynyň telefon belgileri bilen tanyşmak bolýar. Mundan başga-da, gollanma ýol-gözegçilik polisiýasynyň jerimeleiniň barlygyna gözegçilik etmek we olaryň töleglerini amala aşyrmak, Türkmenistanyň tutuş çäginde hatlaryň, iberişleriň we ýükleriň eltip berilmelerini düzetmäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn