Türkmenistanda umumy orta bilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin nemes diliniň täze okuw kitaby neşir edildi


19.10.2024

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek we onuň hilini ýokarlandyrmak boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde ýaňy-ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Nemes dili (II daşary ýurt dili)» täze okuw kitaby neşir edildi.

A. Ýazberdiewanyň, S. Nazarowyň hem-de M. Ataýewyň awtorlygynda ýazylan okuw kitaby maşgala, iýmek-içmek, Türkmenistanda we Germaniýada bilim ulgamy, watan we nemes dilli ýurtlar, tebigat we medeniýet ýaly temalary öz içine alýan alty bapdan ybaratdyr.

Okuw kitabynda Türkmenistanyň we nemes dilli ýurtlaryň däp-dessurlaryna we medeniýetine, sagdyn iýmitlenmä, bilim ulgamyna, iki ýurduň ykdysady ösüşine, şeýle-de ekologiýa we medeni mirasa aýratyn üns berilýär. Okuw kitabynda öwrenilýän temalara laýyk gelýän reňkli suratlar ýerleşdirilendir.

Bu okuw kitabynyň neşir edilmegi Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilen birnäçe möhüm resminamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Olaryň arasynda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy, Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy we 2028-nji ýyla çenli umumy orta bilim maksatnamalary boýunça okuw usulyýetlerini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy bar.

Bu okuw kitaby okuwçylarda nemes dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikirini beýan etmek endiklerini ösdürmäge, şeýle-de halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny öwrenmäge gönükdirilendir.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn