Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça täze bäş ýyllyk üçin maksatnama taýýarlanar


07.11.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on aýyndaky işleriň netijeleri, şol sanda ýurtda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän edarasynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy boýunça görülýän çäreler, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy esasynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, prokuratura edaralary tarapyndan kanunçylygyň doly we dogry ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany” we beýleki resminamalaryň taslamalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlamagyň wajypdygyny aýdyp, Baş prokurora bu babatda anyk tabşyryklary berdi diýip, TDH ýazýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn