Türkmentelekom Bot

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi dili güni bellenildi


13.01.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi dili güni bellenildi.

Institutda geçirilen dabaraly çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ilçihananyň işgärleri, institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Bu barada institutyň saýtynda habar berilýär.

Institut rektory M.Çaryýew öz çykyşynda hindi diline bolan gyzyklanmanyň kemala gelmeginde dil öwretmek meselesine ylmy nukdaýnazardan çemeleşýän, elmydama halkara tejribesini öwrenýän we halkara forumlara gatnaşýan mugallymlaryň uly goşandynyň bardygyny belledi. Türkmen instituty bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk hindi dilini has çuňňur öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Ilçi Madhumita Hazarika Bhagat Bütindünýä hindi dili gününiň bellenilmeginiň möhümdigini nygtap, bu gadymy diliň Türkmenistanda meşhurdygyna aýratyn üns berdi: TMDDI-niň mugallymlary we talyplary hindi dilini ýokary derejede bilýärler.

Çäräniň dowamynda hindi dilini öwrenýän talyplar türkmen we hindi edebiýatynyň ýakynlygy, halklaryň medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi barada çykyş etdiler. Magtymguly Pyragynyň, Rabindranat Tagoryň, Mkanlal Çaturwediniň, Hariwanş Raý Baççanyň goşgulary hindi dilinde ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda Bütindünýä hindi dili gününe bagyşlanan iň gowy esse we goşgularyň terjimesi boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi we bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy – diýip, saýtda bellenýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn