Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň sürüjileriniň we ulag kompaniýalarynyň dykgatyna


23.01.2025

Gazagystanyň 2024-2025-nji ýyllar üçin awtomobil geçelgelerini durkuny täzelemek boýunça ýol kartasyna laýyklykda, käbir geçelgeleriň işini gowulandyrmak üçin giň gerimli işler meýilleşdirilýär, diýip Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasyna salgylanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.

Şu sebäpli, 2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, 16 aýa çenli döwürde, Gazagystan-Russiýa döwlet serhedindäki, Günbatar Gazagystan we Aktýubin welaýatlarynda ýerleşýän "Alimbet" we "Sırım" geçelgeleriniň wagtlaýyn ýapylmagy meýilleşdirilýär.

Ilçihana, Türkmenistanyň sürüjilerine we logistika kompaniýalaryna bu üýtgeşmeleri göz öňünde tutup, görkezilen döwürde ugurlary we ýük daşamalary meýilleşdirmegi maslahat berýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn