Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň wekilleri tejribe alyşmak maksady bilen Londonda saparda boldular


30.01.2025

Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň wekilleri 27 — 29-njy ýanwarda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Londan şäherinde iş saparyny amala aşyrdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň «Kazyýet edaralarynyň işini halkara standartlaryna we hukuk hökmürowanlygyna laýyklykda kämilleşdirmek» atly taslamasynyň çäklerinde saparda boldуlar.

Iş saparyň maksady Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň we daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň oňyn iş tejribelerini hem-de bu tejribäni ýurduň kazyýetleriniň iş tejribesine ornaşdyrmak mümkinçiligini öwrenmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Geňeşiniň degişli düzüm birlikleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn