Türkmentelekom Bot

Türkmenistanda karbamid zawotlarynyň üçüsiniň işini döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär


01.02.2025

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurduň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Tejenkarbamid», »Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary tarapyndan karbamid dökünleri öndürilip, ýurduň oba hojalyk önüm öndürijileri bu önüm bilen üpjün edilýär we olar daşary ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda zawodlaryň bökdençsiz, ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin bu kärhanalary önümçilikde ulanylýan tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet

Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky karbamid dökünini öndürýän zawodlara toplumlaýyn hyzmat etmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu barada TDH habar berdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn