Türkmentelekom Bot

«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi


03.02.2025

Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji fewralda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususan-da, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara eýe bolmaklary mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Onuň barşynda bu topara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýragy gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan bolsa, habar berşimiz ýaly döwlet Baştutanynyň şu gün gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, bu topar 3 million manat pul baýragy bilen dabaraly ýagdaýda sylaglandy. Şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bu toparyň agzalaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma, döwrebap tehnologik enjamlar toplumy, sport egin-eşikler toplumy we haly gowşuryldy.

Soňra Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna we sirk artistleriniň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Bu barada TDH habar berýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn