Türkmentelekom Bot

GDA-nyň Baş sekretary Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilleri bilen duşuşdy


04.02.2025

Şu gün Moskwa şäherinde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedowyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň GDA agza ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew gatnaşdy.

Duşuşykda Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2024-nji ýylda Arkalaşygyň çäginde alnyp barlan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerini jemledi. Ýeri gelende ýatlatsak, 2024-nji ýylda Russiýa Federasiýasy GDA-da başlyklyk edipdi.

Mundan başga-da, taraplar şu ýyl GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de halkara we sebit gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn