Türkmentelekom Bot

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa uçar gatnawlaryny marta çenli togtatmagyny uzaltdy


04.02.2025

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa amala aşyrylýan uçar gatnawlaryny 28-nji fewrala çenli togtatmagyny uzaltdy. Bu barada awiakompaniýanyň baş wekiliniň metbugat gullugy habar berdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlarynyň 28-nji fewrala çenli ýatyrylandygyny habar berýär. Biletleriň mejbury yzyna gaýtarylmagyny resmileşdirmek üçin uçar biletiniň satyn alnan ýerine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris» — diýlip, habarda bellenýär.

Ozal, 28-nji dekabrda, awiakompaniýa Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlarynyň 30-njy dekabrdan 31-nji ýanwara çenli ýatyrylandygy barada habar beripdi.

Häzirki wagtda Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda S7 awiakompaniýasynyň göni uçar gatnawlary dowam edýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn