Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri çalşyldy


08.02.2025

Serdar Joraýew Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Mämmetguly Astanagulow bellenilip, ol Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara şu gün 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Belläp geçsek, Serdar Açyldurdyýewiç Joraýew 2023-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn