Hosting hyzmatyny nädip birikdirmeli?

Hosting hyzmatyny almak üçin Oguz Han köçesiniň 217-nji jaýynda ýerleşýän "Altyn Asyr" öýjükli operatoryň binasyndaky bölümimize ýüz tutmaly. Aşakda bu hyzmaty açmak / almak üçin zerur resminamalaryň sanawy görkezilýär: Ýuridik şahslar üçin: 1) ýüz tutma haty; 2) “Müşderi” tarapyndan bellenen administratoryň pasport nusgasy we şahsy maglumaty; 3) “Müşderi” tarapyndan jogapkär edip bellenendigi barada içki buýrugyň göçürmesi (wezipesini, ykjam telefon belgisini, elektron poçta salgysyny görkezmeli);\ 4) “Müşderiniň” Tertipnamasynyň (Düzgünnamasynyň) göçürmesi; 5) Türkmenistanyň Edara görnüşli talaplaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi; 6) Şahadatnamanyň göçürmesi (Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berilen). Fiziki şahslar üçin (telekeçi): 1) ýüz tutma haty; 2) “Müşderi” tarapyndan bellenen administratoryň pasport nusgasy we şahsy maglumaty; 3) Hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasynyň göçürmesi.

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn