Türkmentelekom Bot

Aşgabatda Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň mejlisi geçiriler


18.03.2025

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda sergi-ýarmarka işleri babatyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşy, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda Halkara sergiler býurosynyň maliýe we administratiw gün tertibine seredip geçmek üçin meýdança boljak hem-de Türkmenistanyň halkara sergiler jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrjak Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň 19-njy martda Aşgabatda geçiriljek mejlisi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2024-2025-nji ýyllar döwür üçin Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzasy bolup durýandygy bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlerine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» ähmiýeti nygtaldy.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn