Türkmentelekom Bot

Türkmenistan bilen RF-iň Tula sebitiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar


18.03.2025

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar — IFT 2025» atly halkara forumyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Tula sebitiniň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Andreý Şestakow bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Tula sebitiniň Söwda-senagat edarasynyň prezidentiniň sosial ulgamdaky sahypasynda berlen habara görä, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen duşuşmazdan ozal, Andreý Şestakow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Andreý Hripunow bilen gepleşikleri geçirdi. Bu duşuşykda türkmen bazarynda iş alyp barmagyň aýratynlyklary, esasy ugurlar we işewürlik gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen geçirilen duşuşyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri ugurlarynyň kesgitlenmegine gönükdirildi. Taraplar iki ýurduň işewür toparlary üçin gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Tula sebitiniň Söwda-senagat edarasynyň berýän habaryna görä, bu edaranyň düzüminde türkmen işewürleri bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän kärhanalar we telekeçiler bar. Munuň netijesinde geljekde anyk taslamalaryň amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, «IFT 2025» halkara forumy şu gün öz işini tamamlaýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn