Türkmentelekom Bot

Daşary ýurt ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlaýarlar


22.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryndan Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen döwletiniň Baştutanyna, hususan-da, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewden, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowdan we beýlekilerden gutlag hatlary geldi.

Hatlary iberen daşary ýurt ýolbaşçylary Nowruz baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, ösüş arzuw edýärler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn