«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli şygryýet agşamy geçirildi


11.05.2024

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan şygryýet agşamy ýurdumyzda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygara we beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Geçirilen çärä ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, gazet-žurnallarynyň redaktorlary we habarçylary, şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdy.

Şygryýet agşamynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýik şahyryň hem-de filosofyň döredijiliginiň ylmy esasda ýurdumyzda we daşary döwletlerde giňden we çuňňur öwrenilýändigi uly buýsanç bilen bellenildi.

Şeýle hem, çärede Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri täze joşgunda, belent ruhda ýaňlandy. Akyldar şahyryň Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly ruhlandyryjy eserleri şygryýet agşamyna gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn