Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi


23.05.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet we sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasylarynyň hatarynda durýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, şu resminamanyň kabul edilmeginiň dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GDA-nyň Baş sekretary öz gezeginde Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastrukturanyň bardygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn