Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýetiI


21.05.2024

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşige gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 230-dan gowragy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşarlar. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara ylmy barlaglary institutynyň, Gazagystanyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň, Täjik milli uniwersitetiniň, Rus-täjik (slawýan) uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň, Hytaýyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň magistrleri we talyplary ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçiriljek bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara bäsleşigi özara intellektual ýaryş esasynda talyplaryň halkara gatnaşyklary boýunça zehin başarnyklaryny ýüze çykarmagy, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegi, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermegi, häzirki zamanda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamagy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy we pugtalandyrmagy, Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmegi maksat edinýär. Halkara bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşinde gurnalyp, degişli düzgünnama laýyklykda, onuň şahsy tapgyry test sowallary we ýazuw-barlag işleri esasynda geçiriler. Test sowallary sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny, hususan-da, şu aşakdaky ugurlary we meseleleri şöhlelendirer:

— Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň wajyp başlangyçlarynyň ähmiýeti we mazmuny;

— BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine goňşy we sebit ýurtlarynyň ýaşlarynyň halkara derejesinde giňden gatnaşmagy;

— Sebit parahatçylygy ugrunda dialogy hem-de hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmak üçin halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri; — halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary; — parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiri; — medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiri;

— sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlary. Şeýle hem halkara bäsleşikde serediljek we çözülmegi teklip ediljek meseleleriň deslapky düzümi aşakdakylardan ybaratdyr: — halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary; — parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiriniň artmagy;

— medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy;

— durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary;

— halkara gepleşiklerini modelirlemek;

— halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak;

— halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek; halkara gatnaşyklarynda optimal çözgütleri kabul etmekde matematiki modelirlemegi ulanmak;

— sebit hyzmatdaşlygynyň täze we derwaýys ugurlaryny teklip etmek.

Mundan başga-da, halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda gatnaşyjylar ýumuşlary we meseleleri çözmekde öz ukyplaryny synagdan geçirerler. Ýumuşlar we meseleler halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlardan bolar. Meseleleriň mazmuny durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usullaryň täze ugurlary, halkara gepleşiklerini modelirlemek, halkara ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, halkara ulag logistikasynyň global trendlerini öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda optimal çözgütleri kabul etmekde matematikany we matematiki modelirlemegi ulanmak we ş.m. ugurlardan bolar. Şahsy bäsleşikde netijeler ýokarky iki tapgyryň jemi boýunça kesgitleniler. Halkara bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda bolsa gatnaşyjylar toparlaýyn görnüşde ýumuşlary we meseleleri çözmekde bäsleşerler. Bu tapgyryň dowamynda gatnaşyjylar halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlar boýunça 5-10 sany mesele-ýumuş çözerler. Bu tapgyrda toparlar boýunça ýeňijiler bahalandyrylar.

Halkara bäsleşigiň gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigi hem geçiriler. Bu çäre akyl-paýhas hyzmatdaşlygy formatynda bolar, onda 1 sagat 30 minut diskussiýa, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut göz öňünde tutular. Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullaryny hem-de olaryň görnüşlerini bilelikde hödürlemek bolup durýar. Bu tapgyrda ýeňijiler kesgitlenmeýär. Diskussiýa işeňňir gatnaşyjylar, Jemleýji teklibiň mazmunynda pikirleri we teklipleri giňden şöhlelendirilen toparlar ýa-da gatnaşyjylar aýratyn bellenilip geçiler.

Şahsy we toparlaýyn tapgyrdaky ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar.

Halkara bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk komiteti döredildi. Daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çäreleri göz öňünde tutuldy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlaryň gözel paýtagtymyzyň täsinlikleri, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň aýratynlyklary, ýaş diplomatlary taýýarlamagyň milli tejribesi bilen tanyşmaklaryna şert döreder. Bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdirilendir.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn