Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi


19.05.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýän bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi.

Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, köpsanly türkmen ýaşlarynyň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary hem-de Türkmenistanyň birnäçe ýokary we orta okuw mekdeplerinde hytaý diliniň öwredilýändigi bellenildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn