Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy


16.05.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine bardy.

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň çäklerinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum-2024» atly XV halkara foruma gatnaşar

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetini Kazanyň halkara howa menzilinde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Kazan Kremlinde Rustam Minnihanow bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn