ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan poçta markalarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy


22.05.2024

ABŞ-nyň Milli poçta muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli poçta markalarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Markalar Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy we «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşi tarapyndan bilelikde çap edildi.

Waşingtondaky muzeýde gurnalan dabara ÝUNESKO-nyň Türkmen milli komitetiniň ýerine ýetiriji sekretary, ýurduň ylmy, bilim we medeni edaralarynyň işgärleri, şeýle hem ýurduň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdy.

Tanyşdyryşa gatnaşyjylar sergi bilen türkmen halkynyň medeniýeti, geçmişi we häzirki ýagdaýy barada tanyşdylar. Sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýan Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary, şeýle hem Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň eksponatlary görkezildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy ähli adamzadyň medeniýetine uly goşant goşan türkmen edebiýatynyň görnükli wekilidir. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan poçta markasynyň çykmagy, şeýle hem bu dabara türkmen-amerikan medeni gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, beýik türkmen şahyrynyň eserini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Poçta markasynyň önümçiliginde meşhur türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden şahyryň kanoniki portreti ulanyldy. Marka ýadygärlik hökmünde ABŞ-da elektron görnüşinde paýlanar. Markalaryň nusgalary ABŞ-nyň Milli poçta muzeýiniň arhiwinde muzeý emlägi hökmünde saklanar we bu ýere gelýänlere görkeziler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn