Türkmenistanyň Prezidenti häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy


14.05.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimleriň hasabatlarynda bellenilişi ýaly, ýurtda bol pagta hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.

Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurduň galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem tohumlyk ekilen bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek hem-de ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Häkimler welaýatlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi we şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurduň gowaça hem bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, şeýle hem ýetip gelýän galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn