Kiberhowpsuzlyk boýunça halkara kiber çempionaty: “Türkmentelekom” topary üçünji ýeri eýeledi!


23.05.2024

"Türkmentelekom" toparymyzyň 05/15/24-den 05/22/2024 aralygynda geçirilen Maglumat howpsuzlygy boýunça halkara kiber çempionatynda üçünji orny eýeländigini buýsanýarys.

Çempionat 25 ýurtdan 40 topar ýygnap, kiberhowpsuzlyk ugrundaky iň uly ýaryşlaryň birine öwrüldi.

Hakyky kiber howplary simulasiýa edýän çylşyrymly meseleleri çözmek bilen, bäş hünärmenden ybarat “Turkmentelekom” topary öz maksatlaryna ýetdi.

Bu üstünlik, agyr türgenleşigiň, utgaşdyrylan we toparlaýyn işiň netijesidir.

Şeýle abraýly çärä ýurdumyza wekilçilik edendigimize buýsanýarys we geljekde has gowy netijelere ýetmek üçin başarnyklarymyzy ösdürmegi meýilleşdirýäris.

Çempionaty gurnaýjylara, bize goldaw berenlere sag bolsun aýdýarys.

Geljekki ýyllarda ýatdan çykmajak tejribe boldy!

Çeşme: cybermir.ru

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn