Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisinde çykyş etdi


17.05.2024

16-njy maýda Kazanda — B.Rameýew adyndaky IT-parkynyň ýerleşýän ýerinde jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş edýän «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň başlygy, Tatarstan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnikhanow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde eden çykyşynda TatarYstanyň Raisiniň Russiýanyň yslam dünýäsi bilen gatnaşyklaryny berkitmekdäki goşandyny belläp geçdi.

«RUstam Minnihanowyň syýasatçy we diplomat hökmünde eden işleriniň netijesinde köp döwletleriň ýolbaşçylary bilen hormat goýmak we ynanyşmak boýunça açyk gatnaşyklar ýola goýulýar. Biz bu ugurda möhüm üstünlikleri görýäris» — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygynyň belleýşi ýaly, Russiýa we yslam ýurtlary döwletler bilen halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň zerurlygy we nähili guralmalydygy boýunça nusgalyk görelde görkezýär.

Mejlisiň barşynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Mohamed Salah Tekaýa, RF-niň Federasiýasynyň Geňeşiniň başlygy Konstantin Kosaçew, Döwlet Dumasynyň halkara meseleleri boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Leonid Sluskiý, Russiýadaky musulmanlary birleşdirýän merkeziň müdirliginiň hem-de Müftiler Geňeşiniň başlygy Rawil Gaýnutdin we beýlekiler çykyş etdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn