Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi


20.05.2024

18-nji maýda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidente tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bu barada TDH ýazýar.

Döwlet Baştutany HHR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasarynyň şu gezekki saparynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýän bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi.

Döwlet Baştutany geçen ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany iki ýurduň syýasy-durmuş ugurlarynda zenanlaryň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik döreden “Türkmen-Hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahata ünsi çekip, şunuň ýaly maslahatlaryň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.

Hanym Şen Ýueýue bu çäräniň türkmen hem-de hytaý zenanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, iki dostlukly halkyň ruhy gymmatlyklary bilen tanyşmakda, halklary parahatçylygyň we dostlugyň hatyrasyna ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň maşgalasy we hormatly Prezidentiň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen bolan söhbetdeşligiň dowamynda türkmen we hytaý halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlar diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda hem netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan üstünlikli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, köpsanly türkmen ýaşlarynyň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary hem-de Türkmenistanyň birnäçe ýokary we orta okuw mekdeplerinde hytaý diliniň öwredilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn