Türkmen wekiliýeti Kazanda geçirilýän «Geljegiň oýunlaryna» gatnaşýar


22.02.2024

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň sport ministri Oleg Matysiniň daşary ýurtlaryň sport edaralarynyň ýolbaşçylary we daşary ýurtlaryň Russiýa Federasiýasyndaky ilçileri bilen duşuşygyna gatnaşdy.

«Geljegiň oýunlarynda» Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew wekilçilik edýärler.

«Geljegiň oýunlary» – wirtual we hakyky dünýäleriň utgaşmagyny göz öňünde tutýan fijital konsepsiýasyna esaslanýan kibersport boýunça köpugurly halkara sport ýaryşydyr. Ýaryşlar fijital-futbol, hokkeý we basketbol, lazertag, dronlaryň ýaryşy, robotlaryň söweşi we sport programmirlemesi ýaly 21 ugur boýunça geçiriler.

Oýunlar 19-njy fewralda başlandy we 3-nji marta çenli dowam eder.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn