Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça kanunlar kabul ediler


23.02.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň barşynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanunçylyk taýdan berkidip ebedileşdirmek bilen bagly başlangyjy öňe sürdi.

  -Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna hem gol çekdi. Bu başlangyçlary döredijilikli dowam etdirip, biz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirsek hem maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.   

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ideýalarynyň söýgä we sazlaşykly durmuşa çagyryş bolup durýandygyny aýtdy. Şonuň üçin onuň edebi mirasyny öwrenmegiň we ýaýratmagyň Türkmenistanda-da, daşary ýurtlarda-da möhümdigi bellenildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn