«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan maslahat geçirildi


23.02.2024

«Türkmenaragatnaşyk» agentligiň mejlisler zalynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň kalbyna siňen pikirlerine, öwüt-ündewlerine, pähim-paýhasa ýugrulan setirlerine bagyşlanyp wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan we taryhda öçmejek yz goýan beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ýiti zehininiň we akyl-paýhasly sözleriniň diňe bir halkymyzyň aňynda däl, eýsem bütin dünýäniň medeni mirasynda müdimilik yz goýandygy barada aýdyp geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylar ýokary ynsanperwer däp-dessurlara esaslanýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleriniň bütin adamzadyň ruhuna ýetirýän täsiri barada belläp, setirleriň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny tassykladylar.  

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy dünýä ýüzünde dana şahyrymyzyň döredijiligine bolan gyzyklanmany has hem artdyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn