«Geljegiň oýunlary» her ýylda geçirilip bilner


25.02.2024

Tatarstanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Geljegiň oýunlary» köpugurly sport ýaryşy her ýylda geçirilýän çärä öwrülip biler. Degişli karar barada bäsleşigiň ýolbaşçysy Igor Stolýarow habar berdi.

Ol: «Ähli faktorlary göz öňünde tutup, biz bu ýaryşlary ýylda bir gezek geçirmegi teklip etdik. Bu örän gowy bolardy» diýip belledi.

Stolýarowyň bellemegine görä, ýaryşyň ugurlarynyň sany her ýyl üýtgäp biler. Ugurlary saýlamak hem gatnaşyjylara bagly bolar.

«Geljegiň oýunlary» – bu sport, ylym we tehnologiýa ulgamlarynyň çatrygyndaky, nusgawy hem-de sanly sport görnüşleriniň utgaşmasy esasynda geçirilýän giň gerimli sport çäresidir. Bäsleşik 21 sany innowasion ugur boýunça geçirilýär, olaryň her biri «fijital» (physical+digital) konsepsiýasyny öz içine alýar, ýagny bedenterbiýäni we kibersporty ýa-da VR-/AR tehnologiýasyny birleşdirýär. Olaryň hatarynda fijital-basketbol, hokkeý, ýaryş, söweş sungaty, skeýtbording, welosiped ýaryşy we BMX görnüşleri bardyr.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn