Ulag we kommunikasiýalar toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik başlandy


26.02.2024

Şu gün — 26-njy fewralda ir bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli «Hünärim bar — hormatym bar» diýen at bilen guralan gelin-gyzlaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry başlandy. Bäsleşige Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşýar.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň birinji tapgyry agentlikleriň hem-de degişli edara-kärhanalaryň derejesinde ýaýbaňlandyryldy. Agentlikleriň hem-de edara-kärhanalaryň bäsleşikleriniň ýeňijileri ýaryşyň ikinji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Ýeňijileri kesgitlejek jemleýji bäsleşik tanyşlykdan (gulluk lybaslarynda 3 minutlyk çykyş), alyp barýan wezipelerini görkezmek boýunça çeper çykyşdan, milli el işlerini ýerine ýetirmekden, türkmen zenanlarynyň milli köýneklerini gadymy biçüwde, täzeçe öwüşginde, döwrebap keşde, basma, pugtama we ş.m. el işleri bilen bezelen nusgada şöhlelendirmekden hem-de milli şaý-seplerimizde moda görkezmekden ybarat bolar.

Bäşleşik Ak altyn myhmanhanasynyň «Ak altyn» restoranynda geçirilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn