Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň işi işjeňleşýär


26.02.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen geçiren duşuşygynda degişli ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde geçirilen duşuşykda bellenişi ýaly, Türkmenistanda näsag çagalaryň saglyklaryny dikeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Gazna döredilen döwründen bäri näsag çagalarda birnäçe çylşyrymly operasiýalary geçirmäge ýardam etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeltmek boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklady.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn