«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde zenan dünýäsiniň gözelligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi


01.03.2024

Ýurdumyzda eli çeper ene-mamalarymyzyň we gelin-gyzlarymyzyň zehin-paýhasyndan kemala gelen halkymyzyň medeni mirasyny we milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde uly işler alnyp barylýar.

29-njy fewralda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň, Türkmenistanyň Ýaşulylar Geňeşiniň we ýurdumyzyň beýleki pudak edaralarynyň wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň gelin-gyzlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda zenanlara goýulýan egsilmez hormat-sarpa, olar üçin döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen gürrüň edildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn