"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň wekilleri döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda gyrgyz tejribelerini öwrendiler


03.03.2024

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron özara gatnaşyklaryň synag ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda tejribeleri öwrenmek maksady bilen 26-njy fewral - 1-nji mart aralygynda agentligiň wekilleriniň Gyrgyzystana sapary guraldy.

Saparyň barşynda türkmen hünärmenleri pudagara elektron özara gatnaşygyny kemala getirmegiň, resminama dolanyşygynyň usulyýetini, döwlet we şäher elektron hyzmatlaryny guramagy, identifikasiýa etmek we maglumatlary barlamak ulgamyny döretmegi, ilatyň sanly tehnologiýalara, elektron we poçta aragatnaşygyna deň elýeterliligini üpjün etmegi, dürli döwlet hasaba alyş işini, taryhy maglumatlary sanlylaşdyrmagy hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen tanyşdylar.

Saparyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň degişli döwlet edaralarynyň, şol sanda Sanly ösüş ministrliginiň we onuň "Tunduk" döwlet edarasynyň, Saglygy goraýyş ministrliginiň, ýurduň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Şahsy maglumatlary goramak boýunça döwlet agentliginiň, "Infokom" döwlet kärhanasynyň we Ilata hyzmat ediş merkeziniň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Gyrgzy kärdeşleri bilen bolan duşuşyklarda türkmen wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň Sanly ösüş ministrliginiň sanlylaşdyrmak we elektron dolandyryş ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, elektron gol ulgamyny ulanmak, döwlet we şäher elektron hyzmatlary hödürlemek babatda alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyş boldular.

"Tunduk" edarasynda geçirilen duşuşykda ýurtda elektron dolandyryş ulgamy ornaşdyrylanda, şeýle hem elektron döwlet we şäher dolandyryş elektron hyzmatlary hödürlenende tehniki utgaşdyryş işleri, döwlet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalarynyň, ýuridiki şahslaryň arasynda elekton aragatnaşygy ýola goýmak ugurlary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynda pudagara özara gatnaşk ulgamyna döwlet agentlikleriniň işiniň utgaşdyrylyşy we girizilişi bilen bagly tejribeler bilen tanyş boldular.

"Türkmenaragatnşyk" agentliginiň wekilleri "Sanly Gyrgyzystan" halkara forumyna hem gatnaşdylar. Onuň çäklerinde sanly we innowasion tehnologiýalary ulanmak, şeýle hem olary döwlet edaralarynyň, banklaryň, maliýe tehnologiýalary we bölekleýin söwdanyň ulgamyna ornaşdyrmagyň geljekki ugurlaryna garaldy.

Bu forum gatnaşyjylar bilen döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmagy kämilleşdirmekde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hem-de sanly özgerişiň başga-da köp sanly meselelerini maslahatlaşmak we bu ugurlarda özara pikirleri alyşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn