«Türkmenaragatnaşyk» agentligi owgan harytlarynyň sergisine hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyna gatnaşýar


05.03.2024

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 4 – 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyna gatnaşýar.

Ata-Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüş babatdaky wezipeler göz öňünde tutulyp, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýulýar.

Bu geçirilýän sergi we maslahat hem Türkmenistany senagatlaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryny ösdürmäge, önümçilige innowasiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar hem-de maglumat tehnologiýalar ulgamynda gazanan uly üstünlikleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sergi meýdançasynda aýdyň beýanyny tapdy.

Türkmen-owgan işewürler maslahatynda çykyş eden «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Serhetabat – Gerat, Kerki – Akina ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlarynyň sebitara ähmiýeti barada durup geçdiler.

Şeýle hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hyzmatlar ulgamyny hem-de maglumat serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, hemra, ykjam we elektron aragatnaşyk ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek barada çykyşlar edildi.

Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn