300-den gowrak söwda nokatlary we Internet dükanlary halkymyzyň hyzmatynda


06.03.2024

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köpugurly hyzmatlary Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Kompaniýanyň shop.post.tm resmi web-saýty we «Postshop» mobil programma üpjünçiligi işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açýar. shop.post.tm saýty Türkmenistanyň ähli söwda dükanlaryna önümlerini onlaýn satuwa çykarmaga we önümleriň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu onlaýn-söwda platformasynyň önümçilik binýady dürli bölümlerden ybarat bolup, saýtda hojalyk tehnikasy, elektronika, gurluşyk konselýar we awtoulag harytlary, çagalar üçin we raýatlaryň islegine görä bölümleri aýry-aýry ýerleşdirilendir. Saýt hepdede 7/24 halk köpçüligine hyzmat edýär. Söwda platformasy türkmen, rus we iňlis dillerinde yzygiderli täze önümleri bilen tanyşdyryp durýar. Önümleriň görnüşleri we gerimi dowamly artdyrylýar. Häzirki wagtda, ýurdumyzda döwlet we hususy söwda nokatlarynyň we Internet dükanlarynyň 300-den gowragy milli domen atlary bilen halkymyza hyzmat edýär. Bu onlaýn-dükanlary dürli önümleriniň giň toplumy bilen halk köpçüliginiň söýgüsinden we ynamyndan peýdalanýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn