Türkmenistan we Halkara energetika agentligi hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär


07.03.2024

Ilçi Maksat Çaryýew 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma degişli düzümleriň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin Halkara energetika agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen duşuşdy.

Maýa goýum forumynyň çäklerinde iri energetka, gurluşyk we ulag-telekommunikasiýa kompaniýalarynyň, şeýle hem maliýe düzümleriniň wekilleriniň dünýä energetikasynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny we degişli aýa goýumlary çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygy bellendi.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Halkara energetika agentliginiň ýerine ýetiriji direktoryna resmi çakylygy gowşurdy hem-de ýokary derejeli myhmanyň degişli çärä gatnaşmagynyň ýurduň ýangyç-energetika hyzmatdaşlygy ugrundaky başlangyçlaryny baýlaşdyrjakdygyny belledi.

Fatih Birol çakylyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagynyň ähmiýetini belledi. Ol şeýle hem Halkara energetika agentliginiň energetika pudagyny ösdürmek üçin maýadarlary tapmakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn