Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmelere bagyşlanyp, Seulda "tegelek stol" maslahaty geçirildi


09.03.2024

Ýakynda Türkmenistanda geçirilen Hökümet mejlisisiniň, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanyp Seul şäherindäki türkmen ilçihanasynyň binasynda "tegelek stol" maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Koreýe Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Begenç Durdyýew, ilçihananyň işgärleri we bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

"Tegelek stol" maslahatynda bellenişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň halkara abrýay barha belende galýar. Onuň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Ýygnananlar şeýle hem Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýyl üçin göz öňünde tutulan we maýa goýum maksatnamasynyň ähmiýetine, ýaşlaryň mümkinçiliklerine ýüze çykarmak üçin durmuşa geçirilýän çärelere ünsi çekdiler.

Gatnaşayjylar şeýle hem fewral aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijeleri barada hem durup geçdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn