Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi


12.03.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji martda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary, pagtaçylar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar.

Häkimler 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, şeýle hem ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilýändigini hem habar berdiler.

Şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabatlar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýazky oba hojalyk möwsümine taýýarlykly girişilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany häkimlere gowaça ekiljek ýerleriň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti häkimlere ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň çäklerinde ýerlerde tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleriniň geçirilýändigi, ulanyljak ähli tehnikalary we gurallary, pagtaçylar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada-da aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy üçin möhüm möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işleriň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere ýurduň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurtda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin degişli taýýarlyk işleriniň ýerine ýetirilmegini, şeýle hem ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn