Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady


12.03.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen işleşmegi meýilleşdirýärin” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde uly üstünlik, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn