Ýaponiýa Türkmenistan bilen Hazaryň üstünden uzaýan ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk etmek isleýär


13.03.2024

Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Türkmenistana Hazaryň üstünden uzaýan halkara ulag geçelgesi boýunça hysmatdaşlyk etmek hakyndaky teklibini hödürleýär.

Ozal «JICA-nyň» Gündogar we Merkezi Aziýa, şeýle-de Kawkaz departamentiniň direktory Kenji Ogasahara ýurdumyzda hem bolupdy. Şonda ýapon wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundaky gümrük amallary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşypdy.

«Daryo» tarapyndan habar berlişi ýaly, gyzyklanma bildirýän döwletler, şol sanda Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar Hazar deňziniň üstünden uzaýan ulag geçelgesini 15 günüň dowamynda Ýewropany hem Merkezi Aziýany birleşdirýän ugruň 10 müň kilometrini ultra döwrebap, multimodal we täsirli ugra öwürmegi meýilleşdirýärler.

Ýeri gelende bellesek, Ýewropa ýurtlaryna we Ýakyn hem Orta Gündogardaky bazarlara girişi giňelden Türkmenbaşy halkara deňiz porty 2018-nji ýylda işe başlady.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn