BAE-niň Prezidenti mukaddes Oraza aýy mynasybetli Türkmenistana hurma sowgat iberdi


15.03.2024

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan mukaddes Oraza aýy mynasybetli Remezan aýynyň mübärek miwesini Türkmenistanyň Prezidentine sowgat hökmünde iberdi.

Döwlet Baştutanynyň görkezmesine laýyklykda, iberilen sowgatlyk hurmalar Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara, şeýle hem «Döwletliler köşgüniň» okuwçylaryna sowgat edildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn