Türkmenistanda Panama Respublikasynyň ilçisi işe başlady


15.03.2024

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili öz gezeginde, Panama Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, özgertmeler ýolunda täze, ajaýyp üstünlikleri gazanmak baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomat döwlet Baştutanynyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şol syýasatda dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm orun berilýär. Panamanyň ilçisi, şeýle hem Mejlisiň düzümi, onuň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen ýakyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak teklibi beýan edildi. Ulag, deňiz arkaly ýük daşamalary, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noad ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin ähli tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn