Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek teklip edilýär


16.03.2024

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 10 – 13-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde Türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, şu ýylyň dekabr aýynda awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi we saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, şäher gurluşyk we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany Wenada geçirilen gepleşikleriň ýakyn geljekde köpugurly türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam berjekdigini belläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn