Paýtagtymyzda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy


18.03.2024

Şu gün paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik gurluşy esasy köçeleriniň biriniň ugrunda – Magtymguly şaýolunda bina edilen ajaýyp toplum bilen üsti ýetirildi. Bu işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezidir. Täze toplum işewürlik durmuşynyň jemlenýän ýene bir merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Onuň açylmagy bilen bu ýerde ýüzlerçe täze iş orunlary hem döredildi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda içerki bazary haryt bolçulygy bilen üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylýan möçberleriniň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde, hyzmatlar ulgamyny we söwdany ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Häzirki zaman söwda enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze söwda merkezleri ilata we ýurdumyza barha köp gelýän daşary ýurtly myhmanlara ýokary hilli hyzmat edýärler.

Ýurdumyzyň işewürliginiň sazlaşykly ösüşi edara binalaryna bolan islegi ýokarlandyrýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu talaplara jogap edip, köpsanly edara ediş we täjirçilik binalaryny gysga wagtda gurup, taýýar görnüşde ulanmaga berdiler. 

Jemi 4,7 gektar çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgalary hem-de merkezde ýerleşýän 3 gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar häzirki zaman inžener-tehniki çözgütlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriň binýadynda gurlup ulanmaga berildi. 

Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda  harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýän supermarket bar. Bu ýerde alyjylaryň ygtyýaryna köpsanly dürli dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozal, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherçesi, restoran we kafe, şeýle hem Toý mekany we beýlekiler hödürlenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn